Aşgabatda 1948-nji ýylyň ýer titremesine bagyşlanan sergi geçirildi

  • 06.10.2020 23:03
  • 9.6k+

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat ýet titremesiniň 72 ýyllygyna bagşlanan sergi geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, tematiki sergi birnäçe bölümden ybarat bolup, ol uruşdan öňki Aşgabadyň durmuşynyň çeper hekaýatyndan başlanýar. Şol fotosuratlarda edara we ýaşaýyş jaýlary, goýras saýaly köçejikler, gadymy binalar, seýilgähler... görkezilýär. Pajygaly wakany görkezýän fotosuratlar bu ýere gelenlere güýçli täsir edýär... Özboluşly suratlar 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilen gije bolan elhenç ýer titremesiniň ýetiren zyýanyna garşy edermen göreşen şäher ilatynyň sarsmaz ruhuny we mertligini beýan edýär.
Muzeý gorlaryndaky serginiň tematikasyna kybap žiwopis eserleri hem goýlupdyr. Arheologik artefaktlar we etnografik materiallar, wideoşekillerdir neşir önümleri hem pajygaly wakalar barada gürrüň berýär.
Ak mermer gözel paýtagtymyzyň häzirki döwrüne bagyşlanan bölüm bolsa sergini belent ruhda jemleýär.

şu gün 15:51
4.1k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.8k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....