Pandemiýa zerarly Gazagystanda galan türkmenler «Garabogaz» BGN-dan dolanarlar

  • 06.10.2020 14:56
  • 16k+

Pandemiýa zerarly serhetleriň ýapylan wagty Gazagystanda galan 50 sany türkmen raýaty «Garabogaz» barlag-geçiriş nokadyndan Watanymyza dolanarlar. ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, olar 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň birinji ýarymynda geçiriler.

BGN-den geçen wagtynda ýokanç keselleriň öňüni alyş düzgünlerini berjaý edip, iki hepdelik hökmany karantin çäresini geçmeli bolarlar.
Ýatlatsak, öň Türkmenistan Russiýadan, Belarusdan, Hindistandan we Türkiýeden öz raýatlaryny ýörite uçuş arkaly alyp gaýtdy. Ýerüsti ýollar arkaly pandemiýa zerarly Özbegistanda galan raýatlarymyz dolandy.

26.04.2026 15:51
8.5k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.8k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
8k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....