R.Meredow Owganystanyň ýurdumyzdaky Ilçisi bilen duşuşdy

  • 05.10.2020 23:25
  • 6.3k+

Şu gün Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Owganystan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Najibullah Alikhil bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar bermegine görä, Ilçi Owganystanyň we tutuş sebitiň giň gerimli ösüşine möhüm goşant goşmaga gönükdirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bilen bir hatarda, durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň aýratyn ähmiýetini nygtady. Bu ugurda golaýda Kabul şäherinde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda geçirilen ähmiýetli resminamalara gol çekmek dabarasy bellenilip geçildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar şonuň ýaly-da medeni-ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy jenap Najibullah Alikhiliň türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan ähmiýetli goşandyny nygtamak bilen, oňa saglyk hem-de işlerinde üstünlik arzuw etdi.

şu gün 17:16
547

ABŞ ýokarlandyrylan gümrük paçlarynyň güýje girizilmegini awgusta çenli yza süýşürdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp daşary ýurtlardan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň wagtlaýyn togtadylmagyny 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli uzaltdy. Bu barada Ak tamyň resmi web sahypasynda habar berilýär...

şu gün 11:38
1.4k+

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

şu gün 10:12
8.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

şu gün 10:01
2.9k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär...