Türkmenistanda «Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler

  • 03.10.2020 23:05
  • 23k+

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi “Mary deri-aýakgap” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde gatnaşar. Munuň üçin ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bu taslama esaslyk maýadaky paýy 40 göterim möçberde paýly gatnaşar.
Bu resminama ýurdumyzyň dokma pudagynyň öňünde duran wezipeleri netijeli amala aşyrmak, pudagyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

şu gün 10:31
0

Merkezi Aziýada üstaşyr ýük daşamalarynda gümrük amallaryny iň tiz Türkmenistanyň gümrük nokatlary ýerine ýetirýär

Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasynda üstaşyr ýükleriň daşamalarynda Türkmenistanyň gümrük nokatlary gümrük amallary üçin iň gysga wagty sarp edýär. Şeýle netije Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlaryň çäklerinden harytlaryň eksportynda we üstaşyr geçirilmeginde sarp edilýän wagt we çykdajylar boýunça geçirilen barlaglarynyň netijeleri boýunça alyndy...

şu gün 00:23
9.5k+

Türkmenistanda dekabryň aýlyk zähmet haklary 20-sine çenli töleniler

Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowa eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi,  bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary bermegi tabşyrdy...

şu gün 00:07
11k+

Türkmenistanyň Prezidenti 11-12-13-nji dekabry iş güni däl diýip yglan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 11 – 12 - 13-nji dekabryny iş güni däl diýlip yglan etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany bu karara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk...

düýn 17:52
2.8k+

20-nji dekabrda Tokioda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynda birinji sammit geçiriler

20-nji dekabrda Tokio şäherinde döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» sammiti geçiriler. Bu barada «Ýaponiýa — Merkezi Aziýa» Dostluk ligasynyň umumy ýygnagynda mälim edildi diýip, Kyodo News neşiri habar berýär...