Londonda Kwiddiç oýnaýan Harri Potteriň heýkeli dikildi

  • 02.10.2020 17:55
  • 7k+

Dünýä belli jadygöýüň ýadygärligi 2001-nji ýylda "Harri Potter we jadygöýüň daşy" filminiň premýerasy bolan Odeon kinoteatryndan uzak bolmadyk ýerde peýda boldy. Bu barada Sputnik gullugy habar berýär.

Harri Potteriň Londonyň Lester seýilgähindäki bürünç ýadygärligini polşaly heýkeltaraş Andjeýa Şimçik döretdi. Heýkelde "ölmän galan oglanjygyň" Hogwartsda kwiddiç oýnaýan pursady şekillendirilipdir. Kiçijek jadygöý şol meşhur "Nimbus-2000" atly sübsäniň üstünde uçýar.
30-njy sentýabrda - heýkeliň açylan güni muşdaklar haýran galýandyklaryny mälim etdiler, bütin agşam Harri bilen kwiddiç oýnaýan ýaly bolup surata düşdüler.
"Harri Potter edebiýat, teatr we elbetde, kino üçin gaty möhümdir" -diýip, ýadygärligi guran Londonyň Heart of London Business Alliance kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ros Morgan aýtdy.

şu gün 12:18
792

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...

şu gün 12:06
1.6k+

Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady

Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden...

şu gün 12:02
1k+

Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady

Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...

şu gün 12:00
1.9k+

Lego FIFA-nyň dünýä çempionatynyň kubogy görnüşinde kosntruktor toplumyny çykarar

Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar...