Belarus işewürleri Türkmenistan gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

Belarus işewürleri Türkmenistan gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

«Türkmenistan — Belarus: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary» atly onlaýn duşuşykda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary, eksport harytlary we hyzmatlary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guraldy.

Bu çärä ýurdumyzyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Belarus Respublikasyndan 80-e golaý kompaniýanyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary belarusly işewür toparlaryň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny nygtap, wideoaragatnaşyk arkaly işewürlik maslahatlaryny, «tegelek stoluň» başyndaky gepleşikleri we anyk ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegini jikme-jik öwrenmek üçin duşuşyklary yzygiderli geçirmek hakyndaky teklibi öňe sürdüler.
Gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, telekeçilik başlangyçlaryna goldaw bermek we ony höweslendirmek, dokma senagaty, farmasewtika ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.