Türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi

  • 29.09.2020 23:10
  • 4.1k+

Şu gün Türkmenistanyň we GFR-yň daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, nemes tarapyna bolsa GFR-iň DIM-niň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtyýarlandyrylan wekili Mihael Zibert ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň derejesini içgin ara alyp maslahatlaşdylar. German kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň ösüşindäki orny bellenildi. Energetika we ulag ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly pikir alşyldy.
Diplomatlar ekologik howpsuzlyk ulgamynda, hususan-da “Ýaşyl Merkezi Aziýa” başlangyjynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtap geçdiler. Şeýle-de saglygy goraýyş ugry boýunça bilelikdäki hereketleriň oňyn tejribesi we saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleriniň arasyndaky maslahatlaşmalaryň işjeň ýagdaýda dowam etdirilmeginiň wajyplygy bellenip geçildi.
Mundan başga hem taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Arheologiýa ulgamynda bilelikdäki taslamalary kämilleşdirmek mümkinçiliklerine garaldy. German halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň işjeň utgaşdyryjy orny arkaly, bilim ulgamyndaky özaragatnaşyklaryň netijeliligi bellenildi.

şu gün 09:02
28

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

düýn 15:48
4.2k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......