Ýaponiýa 2035-nji ýyla çenli Aýda zawod gurar

  • 29.09.2020 13:01
  • 23k+

Ýaponiýanyň Aerokosmiki barlaglar agentligi 2035-nji ýyla çenli Aýda wodorod ýangyjynyň önümçiligi boýunça kärhanany gurmaga taýýardygyny habar berdi. Bu barada Kyodo agentligine salgylanyp, mk.ru habar berýär.

Meýilnama boýunça, kärhana hemranyň günorta polýusynda ýerleşer. Hünärmenler ol ýerde uly buz üýşmekleri bar diýip hasaplaýarlar. Ony agyz suwuny, kislorody we wodorody almak üçin ulanyp bolar. Wodorody Aýyň özünde hereket etmek üçin we kosmiki uçuşlar üçin ýangyç hökmünde ulanmak meýilleşdirilýär.
Deslapky hasaplamalara görä, astronawtlar Aýyň üstünde hereket edip, müň kilometr töweregi aralygy geçip bilerler. Ýöne Aýa uçmak üçin 37 tonna ýangyç we her barlag wagtynda onuň ýerini öwrenmek üçin 21 tonna ýangyç gerek bolýar. Materialda Aý kärhanasynyň Ýerden ýangyjyň getirilmegine çykdajyny ep-esli azaldyp biljekdigi we munuň Aýy hem-de kosmosy özleşdirmek depginini çaltlaşdyrjakdygy bellenilýär.
Geçen ýyl Ýaponiýa NASA-nyň Aý maksatnamasyna goşuljakdygyny habar berdi. Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýa ministrligi bilen NASA Ýeriň tebigy hemrasyny barlagdan geçirmek pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama baglaşdylar. Mundan başga-da, Ýaponiýa Gateway orbita kosmiki stansiýasyny gurmakda ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär.

düýn 19:32
1.5k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

18.06.2026 11:16
2.6k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......

17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

17.06.2026 10:34
2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....