Maýk Pompeo: ABŞ Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge umyt edýär

  • 27.09.2020 18:30
  • 12k+

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Türkmenistanyň halkyna Garaşsyzlygyň 29 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny iberdi.

«Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistany sebitdäki durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmekde, hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm hyzmatdaş hökmünde görýär».
«Halkara jemgyýetçiliginiň COVID-19 pandemiýasynyň kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwründe, biz Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we territorial bitewiligini goldamagy dowam edýäris. Öňümizdäki ýyllarda ABŞ ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn gepleşikler, «C5+1» diplomatik platformasy we ykdysady, bilim we şahsy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak arkaly iki ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar» diýlip Gutlagda aýdylýar.

şu gün 10:41
1.9k+

Daşary ýurt neşirleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy barada çykyş etdiler

«Business Сentral Asia» halkara žurnaly Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde çap edilýän hem-de Aziýa sebitinde, sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan «Business Сentral Asia» halkara žurnaly şu ýylyň noýabr aýyndaky sanyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlady...

şu gün 10:31
4.2k+

Merkezi Aziýada üstaşyr ýük daşamalarynda gümrük amallaryny iň tiz Türkmenistanyň gümrük nokatlary ýerine ýetirýär

Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasynda üstaşyr ýükleriň daşamalarynda Türkmenistanyň gümrük nokatlary gümrük amallary üçin iň gysga wagty sarp edýär. Şeýle netije Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlaryň çäklerinden harytlaryň eksportynda we üstaşyr geçirilmeginde sarp edilýän wagt we çykdajylar boýunça geçirilen barlaglarynyň netijeleri boýunça alyndy...

şu gün 00:23
13k+

Türkmenistanda dekabryň aýlyk zähmet haklary 20-sine çenli töleniler

Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowa eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi,  bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary bermegi tabşyrdy...

şu gün 00:07
15k+

Türkmenistanyň Prezidenti 11-12-13-nji dekabry iş güni däl diýip yglan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 11 – 12 - 13-nji dekabryny iş güni däl diýlip yglan etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany bu karara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk...