Aşgabatda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň dabaraly harby ýörişi geçirildi

  • 27.09.2020 17:03
  • 9.5k+

Şu gün Aşgabadyň Merkezi meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirildi.

Dabaraly harby ýöriş Goranmak ministri Begenç Gündogdyýewiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabaty bilen başlandy. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyndan dabaraly harby ýörişe başlamak baradaky buýrugy alandan soň, Goranmak ministri harby ýörişi harby dabara laýyklykda kabul etdi.
Ýaragly Güýçleriň şahsy düzümi bilen salamlaşandan soň, Merkezi meýdançanyň öňündäki baýdak meýdançasynda döwlet senasy astynda döwlet baýdagy belende göterildi. Meýdançada hatara duran türkmen esgerleri, serkerdeler we harby talyplar halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepadarlyk kasamyny aýtdylar.
Dabaraly harby ýörişi döwlet baýdagyny we Ýaragly Güýçleriň ähli goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny göterýän baýdak göterijiler topary açdy. Motoatyjy, desant, inženerçilik we beýleki bölünmeleriň gullukçylary, ýeňil sowutlanan ýokary geçijilik ukyply awtomobil tehnikalary "Oguzhan" köşkler toplumynyň ýanyndaky baş münberiň öňünden geçdiler. Milli goşunymyza degişli harby dikuçarlar we uçarlar paýtagtyň Merkezi meýdançasynyň üstünden uçup geçdiler.
Dabaraly harby ýöriş milli telewideniýe arkaly giňden alnyp görkezildi.

şu gün 15:07
567

Apple toý-dabaralar üçin «Confetti» atly täze çakylyk hyzmatyny işe girizýär

Apple kompaniýasy täze Confetti atly çäreleri gurnaýyş we çakylyk hyzmatyny işe girizmäge taýýarlanýar. Bu hyzmat iCloud-a goşular we geljek hepde köpçülige hödürlener. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman...

şu gün 15:05
592

“Gum adam” serialynyň ikinji möwsümi jemleýji bolar

Netflix-iň “Gum adam” (Песочный человек) serialy ikinji möwsüm bilen tamamlanar. Soňky bölümler 2025-nji ýylda çykar diýip, Variety neşiri habar berýär. Taslamany döredijiler bu serialyň ilkibaşda iki möwsümlik...

şu gün 15:00
1k+

SpaceX sebäbini düşündirmezden orbitada her gün 3-4 Starlink hemrasyny ýok edýär

2024-nji ýylyň maý aýyndan başlap SpaceX her gün 3-4 Starlink hemrasyny ýok edip başlady. Bu hadysa astronomlaryň we hünärmenleriň ünsüni özüne çekdi, sebäbi hemralary ulanylyşdan aýyrmagyň ýygylygy ozal has pesdi...

şu gün 07:21
2.3k+

Dünýäde smartfonlaryň satuwy iki ýyldan soň ilkinji gezek artdy: olaryň ortaça bahasy 365 dollara ýetdi

Iki ýyllap dowam eden pese gaçmadan soň bazar täzeden ösüş görkezdi. 2024-nji ýylda dünýä boýunça smartfonlaryň satuwy 5% ýokarlandy. Ortaça satuw bahasy bolsa rekord derejä – 365 dollara ýetdi diýip, Counterpoint ýazýar...