Pandemiýa netijesinde dünýädäki smartfonlaryň bahasy 10% ýokarlandy

Pandemiýa netijesinde dünýädäki smartfonlaryň bahasy 10% ýokarlandy

Şeýle maglumatlary hususy derňew işlerini geçiren Counterpoint Technology Market Research kompaniýasy getirýär. Hünärmenler täze smartfonlaryň bahasynyň şu ýylyň ikinji çärýeginde dünýä bazarynda näçeräk üýtgändigini anyklamak kararyna geldiler. Bu barada discover24.ru habar berýär.

Bu döwürde, analitikleriň belleýşi ýaly, smartfonlaryň bazarynda iň uly pese gaçyş hasaba alyndy, sebäbi şeýle gurluşlaryň dünýädäki satuwy 23% azaldy. Munuň sebäbi dünýä karantini boldy, şonuň netijesinde köp dükanlar we aragatnaşyk salonlary ýapyldy, adamlar öýlerinde galmaly boldular.
Pandemiýanyň netijesinde dünýäde smartfonlaryň bahasy 10% ýokarlandy we bahalaryň ýokarlanmagy Latyn Amerikasyndan başga ähli sebitlerde bellige alyndy. Hünärmenleriň düşündirmegine görä, bahalaryň ýokarlanmagynyň sebäpleriniň biri, bazarda ikinji çärýekde ýeterlik derejede gymmat bolan 5G ulgamly has köp gurluşlaryň peýda bolmagyndan ybarat.
Apple kompaniýasynyň çykaran gurluşlary has girdejili bolmagynda galýar. Ikinji we üçünji orunlarda Huawei bilen Samsung smartfonlary ýerleşdi.