IATA ähli awiaýolagçylary COVID-19 üçin hökmany ekspres-barlagdan geçmäge çagyrýar

  • 26.09.2020 23:01
  • 8.7k+

Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň başlygy (IATA) Aleksandr de Žunýak guramanyň “uçmazdan ozal ähli halkara syýahatçylaryny COVID-19 üçin barlagdan geçirmäge çagyrýandygyny” habar berdi. Muny kommersant.ru ýetirýär.

Onuň pikiriçe, şeýle çäre hökümetlere karantinsiz serhetleri howpsuz açmaga mümkinçilik berer we ýolagçylarda iň soňky pursatda hökümetiň düzgünlerini üýtgedip, ýolagçy meýilnamalaryny bozup biljekdiginden gorkman syýahat etmäge ynam döreder”. De Žunýak IATA “şeýle karara gelmegiň aňsat düşmändigini”, çünki daşary ýurtlara uçýan ähli ýolagçylary hökmany barlagdan geçirmegiň ep-esli amaly we maddy-tehniki çykdajylary, şeýle-de hökümetleriň umumy karara gelmegini talap edýändigini belledi.
Şeýle-de bolsa, de Žunýak “karantin çäreleriniň howa ýolagçy gatnawlary pudagynyň dikelmegine päsgel berýändigini” belledi. Ol “ýakynda geçirilen barlagyň maglumatlary boýunça, syýahatçylaryň 83 göterimi barjak ýerlerinde karantine düşmek howpy bar bolsa, hiç ýere gitmek islemeýärler. Bu karantine alternatiwa tapylmasa, pudagyň dikeldilmejekdiginiň aýdyň alamatydyr” diýip belledi.
IATA-nyň ýolbaşçysy ekspres-barlag tehnologiýasynyň işjeň ösýändigini we käbir kompaniýalaryň eýýäm arzan we ygtybarly ekspres-barlaglary işläp düzendiklerini, ýöne bar bolan düzgünlere laýyklykda, olary diňe lukmançylyk işgärleriniň amala aşyryp biljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, jenap de Žunýak ýurtlaryň ýolbaşçylaryny ýolagçylary eýýäm bar bolan usullar arkaly ýokary hilli we ygtybarly barlagdan geçirmäge mümkinçilik berjek usullary taýýarlamaga we şeýle ulgamy biri-biri bilen hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we Halkara raýat awiasiýa guramasy ýaly halkara guramalar bilen sazlaşdyrmaga çagyrdy.

şu gün 09:56
5.2k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

düýn 22:20
4.4k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

düýn 18:47
4.5k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......

düýn 16:12
3.8k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......