Türkmenistany 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlary tassyklanyldy

Türkmenistany 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlary tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Halk Maslahatynyň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde "2021-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny tassyklamak barada" Kararyň taslamasyna gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi.

Ozal habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Halk Maslahatynyň wekilleriniň öňünde çykyş edip, döwletiň içerki we daşary durmuş-ykdysady syýasatynyň gidişine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutany eziz halkymyzyň bagtly durmuşyny üpjün etmegiň baş maksat bolup durýandygyny, munuň üçin durmuş syýasatynyň dowam etdirilip, aýlyk zähmet haklarynynyň we pensiýalaryň yzygiderli ýokarlandyryljakdygyny, şeýle hem ykdysadyýetimiziň ösüşini çaltlaşdyrmak, ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmak ugrunda ähli çäreleriň görüljekdigini aýtdy diýip, TDH habar berýär.