28-nji sentýabrda Minskden ýene-de bir ýörite uçuş guralar

  • 25.09.2020 15:22
  • 13k+

Türkmenistan pandemiýa zerarly Belarusda galan raýatlary üçin nobatdaky ewakuasiýa uçuşyny guraýar. Uçuş 28-nji sentýabrda amala aşyrylar.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, «Türkmenhowaýollarynyň» ýörite uçary 100 sany türkmen raýatyny Minskden Türkmenbada getirer. Ýurdumyza dolanyp gelen watandaşlarymyz ol ýerde iki hepdelik hökmany karantin geçerler.

Bu uçuş halkara howa gatnawlarynyň togtadylmagy zerarly wagtynda yzyna dolanyp bilmedik raýatlaryny alyp gaýtmagynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan Belarusdan guralýan üçünji uçuşdyr.

24.04.2026 18:54
8.5k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.7k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....

20.04.2026 20:13
6.9k+

Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa......