Kanadaly-eýranly dizaýner “janly” eşigi oýlap tapdy

  • 24.09.2020 14:20
  • 37k+

Kanadaly-eýranly modelýer Roýa Agigi Britan Kolumbiýa uniwersitetiniň (UBC) alymlary bilen bilelikde biodegrirlenip bilýän matany oýlap tapdy. Suwotulardan we biotehnologik goşundylardan taýýarlanan “janly” material Biogarmentry diýlip atlandyryldy. Ol fotosintez hadysasyny geçirip, töwerekdäki howany arassalap bilýär. Bu barada 360tv.ru habar berýär.

Işläp düzüjileriň pikiriçe, bu ilkinji janly we fotosintezleýji dokma önüm. Ol ýarym dury mata meňzeş. Materialyň prototipi synaglaryň irki tapgyrynda ýerleşýär we häzirlikçe köpçülikleýin öndürilmekden uzakda, ýöne olar dokma senagatyny alternatiw matalaryň kömegi bilen ägirt uglerod yzyny azaltmak mümkinçiligi barada pikirlendirip bilerler.
CNN telekanalynyň bellemegine görä, moda pudagy – Ýer ýüzünde bar bolan ekologik taýdan iň zyýanly pudaklaryň biri. BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň maglumatlaryna görä, dokma senagatynyň CO2 zyňyndylary her ýylda milliard tonna barabar bolýar – bu ähli halkara howa gatnawy bilen gämi gatnawyndan hem köpdür. Dünýä ummanynyň dokma süýümlerinden mikroplastikler we zäherleýji himiki maddalaryň ulanylmagy bilen hapalanýandygyny hem bellemek gerek. Iň ýönekeý nah futbolka ulanylan wagtynda 15 kg töweregi kömürturşy gazyny çykarýar.
ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak boýunça agentliginiň maglumatlaryna laýyklykda, amerikanlar häzirki günde öňkülerinden has köp egin-eşik satyn alýarlar, ýygy-ýygydan täze eşikleri geýýärler we egin-eşikleriň hem-de aýakgaplaryň tas 70%-ni zir-zibile taşlaýarlar.
Täze mata ýagdaýy düýbünden üýtgedip biler. Gün şöhlesiniň we suw damjalarynyň täsiri bilen onuň bir öýjükli suwotulary chlamydomonas reinhardtii janlanýar we fotosintez hadysasyna başlaýar. Olar ulaldygyça, matada nagyşlara meňzeş tegmiller we zolaklar peýda bolýar.

26.03.2026 15:37
7.2k+

Matematika moda aýlawynyň her 20 ýyldan gaýtalanýandygyny tassyklady

Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň alymlary geýimlerdäki moda tendensiýalarynyň, hakykatdanam, her 20 ýyldan gaýtalanyp durýandygyny anykladylar. Bu netije matematiki modele we 1869-njy ýyldan bäri zenan......

23.03.2026 21:50
3.2k+

Burberry şa zenany Ýelizaweta II-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan kolleksiýa çykardy

Beýik Britaniýanyň Burberry moda brendi şa zenany Ýelizaweta II-niň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäkli mukdardaky kolleksiýasyny hödürledi. Mahabat kampaniýasynyň suratlary markanyň sosial ulgamlarynda paýlaşyldy...

23.03.2026 15:10
2.9k+

Çökgünlige düşen Ralph & Russo-nyň ýyldyzlara geýdiren lybaslary satlyga çykaryldy

Bäsleşikli söwda öýi «Bonhams» 2021-nji ýylda bergili çykyp, öz işini togtadan Ralph & Russo-nyň 322 sany dizaýner lybasyny satuwa çykardy. Satuwa çykarylan gymmatbahaly geýim-gejimleriň, aýakgaplaryň we beýleki esbaplaryň içinde öň Megan Markl, Monika Belluççi, Heýli Biber, Rita Ora we Jessika Alba ýaly meşhurlara degişli bolan zatlar hem bar...

22.03.2026 15:29
1.9k+

Parižde XVIII asyr zenan modasynyň sergisi geçýär: onda Mariýa-Antuanettanyň korseti hem bar

Parižiň «Palais Galliera» muzeýinde Magaryfçylyk döwrüniň zenan keşbine we onuň häzirki zaman düşündirişine bagyşlanan «XVIII asyryň modasy. Hyýaly miras» atly sergi geçirilýär. Serginiň maksady, moda ösüşindäki uly öwrülişigiň hut şu taryhy döwre degişlidigini açyp görkezmekdir...