Трамп призвал ООН наказать КНР за распространение коронавируса

  • 23.09.2020 16:01
  • 26k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp BMG-ni Hytaýy koronawirus pandemiýasynyň ýüze çykandygy üçin jogapkärçilige çekmäge çagyrdy. Bu barada ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda eden çykyşynda aýtdy. Muny kommersant.ru ýetirýär.

“Birleşen Milletler Guramasy Hytaýy olaryň [Pekindäki häkimiýetleriň] hereketi üçin jogapkärçilige çekmeli” – diýip, Tramp aýdýar.
Onuň pikiriçe, Hytaý – “häzirki gyrgyny dünýä ýaýradan” ýurt. Öz pikirini delillendirmek maksady bilen Ak öýüň ýolbaşçysy hytaý hökümetiniň öz ýurdundan halkara uçuşlary derrew gadagan etmändigini ýatlap geçdi. Bu, Trampyň aýtmagyna görä, “dünýäniň kesellemegine” getirdi.
Mundan başga-da, ABŞ-nyň Prezidenti öz gürrüňinde koronawirusy birnäçe gezek “hytaý wirusy” diýip atlandyrdy.
Onuň aýtmagyna görä, “hytaý hökümeti we Hytaý tarapyndan gözegçilik edilýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy öň täze koronawirusyň adamdan adama geçýändigi barada hiç hili subutnama ýok diýip ýalan sözlediler”.

“Biz täze koronawirusa garşy sanjymy ýaýradarys, wirusy ýeňeris, pandemiýany ýok ederis we görlüp-eşidilmedik gülläp ösüşiň, hyzmatdaşlygyň we parahatçylygyň täze eýýamyna başlarys” — diýip, Tramp belledi.

Öz gezeginde, HHR-iň Prezidenti Si Szinpin BMG-niň Baş Assambleýasynda koronawirus pandemiýasy barada gürrüň etmek bilen, dünýä liderlerine ýurtlary syýasylaşdyrmakdan we çetleşdirmekden ýüz öwürmegiň gerekdigini aýtdy.
Ol hytaý hökümetiniň dünýä arenasyndaky ähli meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmek isleýändigini aýtdy. “Biz sowuk ýa-da “gyzgyn” urşa çekmek islemeýäris” – diýip, Si çykyşynyň dowamynda belledi.
Öň, BMG-niň Baş Assambleýasynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi. Ol ABŞ bilen Hytaýyň dawasy sebäpli dünýäniň bölünmegine ýol bermezlige çagyrdy. Onuň pikiriçe, tehnologiki we ykdysady bölünişik geostrategiki we harby bölünişige getirer.

сегодня 20:17
396

В Юте почти неделю борются с крупным лесным пожаром

В американском штате Юта уже пятый день продолжается тушение крупного лесного пожара. В ликвидации возгорания участвуют более тысячи пожарных, сообщил телеканал ABC News....

25.06.2026 12:37
7.2k+

Два мощных землетрясения произошли в Венесуэле

В Венесуэле 24 июня произошли два сильных землетрясения магнитудой 7,2 и 7,5, вызвавшие разрушения в Каракасе и других районах страны. Власти объявили чрезвычайное положение. Официальные данные о погибших и......

24.06.2026 18:53
12k+

Когда стихия переписывает историю: 5 природных катастроф, изменивших мир

Природные катастрофы традиционно ассоциируются с масштабными разрушениями. Однако история показывает, что некоторые из них способны на большее — они могут менять вектор развития человечества....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Сейсмологи: Землетрясение 2011 года сдвинуло Японию на 6 мм на восток

Международная группа сейсмологов обнаружила ранее неизвестный науке эффект, вызванный Великим восточно-японским землетрясением 2011 года. Исследование американских и французских ученых, опубликованное в......