Türkmenistanda «EKO-93» kysymly benziniň eksporty ýokarlanýar

  • 22.09.2020 14:58
  • 13k+

2020-nji ýylyň 8 aýynda EKO-93 kysymly ulag benziniň eksporty ýokarlandy. Muňa Ahal welaýat gümrükhanasynda eksport gümrük düzgüninde resmileşdirilen ýük gümrük deklarasiýalary şaýatlyk edýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýty habar berýär.

Ahal welaýatynyň iş çägindäki «Diýar» gümrük nokadynyň üsti bilen Türkmenistanyň önümi bolan EKO-93 kysymly ulag benzini, dizel fraksiýasy we suwuklandyrylan gazy häzirki wagtda Russiýa Federasiýasy, Owganystan Yslam Respublikasy, Gruziýa, Beýik Britaniýa, Özbegistan Respublikasy, Bolgariýa we Daniýa ýaly ýurtlara iberilýär.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistan daşary ýurtlara tebigy gazdan gaýtadan işlenilen 134 müň tonnadan gowrak benzin eksport etdi.

şu gün 14:24
820

Türkmenistanyň we Nigeriň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Niger Respublikasynyň daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtdaky nigerlileriň işleri boýunça ministri jenap Bakari Ýau Sangare bilen telefon arkaly söhbetdeş geçirdi...

şu gün 13:44
5.3k+

Şwesiýanyň kazyýeti MTS bilen jedelde, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy

Şwesiýanyň Swea Apellýasiýa kazyýeti MTS kompaniýasynyň ähli talaplaryny ret edip, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy. Şeýle hem kazyýet MTS-i Türkmenistanyň bu iş boýunça kazyýet çykdajylaryny ödemäge borçly etdi...

şu gün 13:28
615

Raşid Meredow Burkina Fasonyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkina-Fasonyň Daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri jenap Karamoko Žan-Mari Traoreniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

düýn 14:51
8.5k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler...