Alkantara «Liwerpulyň» düzüminde birinji oýnunda APL-iň rekordyny goýdy

  • 21.09.2020 23:17
  • 11k+

«Liwerpulyň» täze oýunçysy Tiago Alkantara Angliýanyň Premýer ligasynyň 2-nji tapgyrynda «Çelsä» garşy duşuşykda ilkinji gezek mersisaýdlylaryň düzüminde meýdança çykdy. Şol duşuşykda Ýurgen Kloppyň şägirtleri «Çelsini» 0:2 hasabynda ýeňmegi başardy, diýip soccernews.ru habar berýär.

Alkantara duşuşygyň ikinji ýarymy başlanda oýna girendigine garamazdan, 45 minutda 75 sany anyk geçirim etmek bilen, iňlis Premýer ligasynyň rekordyny goýmagy başardy.
«Liwerpulyň» we «Çelsiniň» düzüminden başga hiç bir oýunçy bu duşuşygyň dowamynda şeýle netijäni gazanyp bilmedi.
Bu babatda hasap 2003-nji ýyldan bäri ýöredilýär. Liganyň taryhynda ýeke futbolça-da 45 minut oýnuň dowamynda şu görkezijä ýetmek başartmandy.
Ýatlatsak, Tiago Alkantara «Liwerpula» ýakynda «Bawariýadan» 33 million ýewro geçipdi.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.1k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......