Eýran 2019-njy ýylda dünýäniň nebit-gazynyň 24%-ini çykardy

  • 21.09.2020 16:05
  • 5.9k+

Eýranyň milli nebit kompaniýasynyň gazyp alyş işleri boýunça müdiri Saleh Handi 2019-njy ýylda Eýranyň, umumy alanyňda, 4,97 mlrd barrel gazylyp alynýan nebiti çykarandygyny aýtdy. Bu möçber 2019-njy ýylda tutuş dünýäde nebit we gaz önümçiliginiň 24%-ine deňdir, diýip ol belledi. Bu barada PARS Today habar berýär.

"2019-njy ýylda Eýran 2,7 mlrd barrel gazylyp alynýan nebit we tapylan nebitiň umumy göwrüminiň 13%-i bilen Eram ýatagyny, soňra 2,2 barrel gazylyp alynýan nebit ätiýaçlygy bolan Namawaran ýatagyny tapdy” – diýip, ol belledi.
“Eýran deň bolmadyk bäsdeşlikde ýaşaýar. Muňa garamazdan, çäklendirmeler şertlerinde bize 2019-njy ýylda uly açyş etmek başartdy” – diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
“Rus “Gazpromy” 3,18 mlrd barrel bilen ikinji, British Petroleum 1,4 mlrd barrel bilen üçünji, ExxonMobil 0,9 mlrd barrel bilen dördünji, hytaý kompaniýasy bolsa 0,7 mlrd barrel bilen bäşinji orunda ýerleşdi. Şunuň bilen birlikde, Eýran dünýäde birinji orny eýeleýär” – diýip, ol belledi.

18.06.2026 12:32
5.1k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
1.9k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......