BSGG Ýewropada epidemiologik ýagdaýyň beterleşmeginiň sebäbini aýtdy

  • 20.09.2020 18:57
  • 15k+

Balkan ýarym adasynyň we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda epidemiologik ýagdaýyň beterleşmegi, umuman, COVID-19-a garşy gorag çäreleriniň berjaý edilmezligi bilen baglydyr. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna salgylanmak bilen RIA Nowosti habar berýär.

BSGG-niň Belgraddaky edarasy Çernogoriýanyň, Horwatiýanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Sloweniýanyň, Bosniýanyň we Gersogowinanyň, Albaniýanyň we Kosowanyň häkimiýetleriniň koronawirus bilen keselleýänleriň we onuň netijesinde ýogalýanlaryň sanynyň ösüşini hasaba alýandyklaryny belläp geçdi. Iýulda we awgustda bu ýurtlarda keselleme derejesiniň peselýändigi göründi we häkimiýetler çäklendiriji çäreleri gowşadyp, serhetleri bölekleýin açyp başladylar.
Guramanyň pikiriçe, kesel ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň esasy sebäbi – bu raýatlar tarapyndan çäklendiriji çäreleriň berjaý edilmezligi. Bu, aýratynam, dynç alyş ýerlerine, stadionlara, gijeki klublara, dini ýerlere, köpçülikleýin ýygnanyşma degişli.
BSGG-de keselliler bilen gatnaşyk eden adamlary düýpli barlagdan geçirmegiň, olar üçin karantin girizmegiň, şeýle-de raýatlara jemgyýetçilik ýerlerinde örtük dakynmagyň, elleri ýuwmagyň, sosial araçägi berjaý etmegiň möhümdigini bellediler.

“Ýokanjyň öňüni almak we oňa gözegçilik etmek käbir döwletler üçin çynlakaý kynçylyk boldy” – diýip, BSGG belleýär.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....