UFC-niň eks-çempiony Makgregor karýerasyny 2021-nji ýylda dikeldip biler

  • 20.09.2020 17:00
  • 14k+

Iki diwizionda UFC-niň ozalky çempiony Konor Makgregor 2021-nji ýylda ringe dolanyp biler. UFC-niň prezidenti Dana Uaýt 2021-nji ýylda Konor Makgregoryň gatnaşmagynda çäre geçirmegi meýilleşdirýändigini habar berdi. Muny matchtv.ru ýetirýär.

Ýatlap geçsek, irlandiýaly söweşiji 2020-nji ýylyň iýunynda guramadan gidýändigini we karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.

“Biz indiki ýylyň başynda Konor üçin gyzykly bir zat taýýarlaýarys. Indiki ýylda ol dolanar. Men onuň uruşjakdygy barada aýdamok, ýöne käbir zatlary biz häzir maslahatlaşýarys” – diýip, ESPN telekanaly Uaýtyň sözlerini getirýär.

Gepleşikler baradaky habary söweşijiniň agenti Oudi Attar hem tassyklady.

“Ýakynda biziň UFC bilen örän gyzykly gepleşigimiz boldy. Biz tolgunýarys we käbir gyzykly zatlaryň üstünde işleýäris. Geljek ýylda bize gaty gyzykly zatlar garaşýar” – diýip, Attar belleýär.

UFC-de Makgregor soňky söweşini UFC 246 turnirinde Donald Serronä garşy geçirdi. Söweş irlandiýalynyň ýeňmegi bilen tamamlandy, ýagny ol garşydaşyny birinji raundda nokauta gidirdi.
Makgregor jemi 26 söweş geçirdi, 22 gezek ýeňiş gazandy we 4 gezek ýeňildi.

düýn 17:49
7.9k+

Hytaýly türgen bir elde turnik çekmekde Ginnesiň rekordyny goýdy

Hytaýly türgen Li Szeçuan bir eli bilen minutda 35 gezek turnik çekip, Ginnesiň rekordyny goýdy. Mundan başga-da, ol şol bir wagtda 40 funt (18 kg-dan gowrak) agyrlyk bilen 44 gezek turnik çekip, ýene bir üstünlik gazandy...

düýn 17:19
5.3k+

“Bawariýa” 750 oýundan soň Tomas Mýuller bilen hoşlaşdy

Hüjümçi Tomas Mýuller Mýunheniň “Bawariýasy” üçin soňky oýnuny oýnap, kluby erkin agent hökmünde terk etdi. 5-nji iýulda Klublaýyn dünýä çempionatynyň “PSŽ-ä” garşy çärýek oýny (0:2) 35 ýaşly germaniýaly üçin klubuň köýnekçesinde iň soňky oýun boldy...

düýn 13:23
7.2k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynyň petekleri 473 dollardan 13 dollara çenli arzanlady

Klublaýyn dünýä çempionatynyň “Çelsi” bilen “Fluminenseniň” arasyndaky ýarym finaly üçin petekleriň bahasy üç günde 473,9 dollardan 13,4 dollara çenli arzanlady. The Athletic-iň habar berşi ýaly, bu 35 esseden gowrak arzandyr...

düýn 12:51
3.5k+

Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi

Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek häzirki dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi – bu Gran Chess Tour seriýasyna girýän Zagrebde (Horwatiýa) geçirilen SuperUnited Rapid & Blitz tapgyrynda boldy. Norwegiýaly blitzde ajaýyp oýun görkezip, ýaryşyň jemi boýunça birinji orny eýeledi...