Pandemiýanyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine täsiri bahalandyryldy

  • 19.09.2020 14:30
  • 14k+

Düýn Halkara pul gaznasynyň Natalii Tamirisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda maslahatlaşmalaryň nobatdaky tapgyry geçirildi.

Wideoduşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň meýilleri we çaklamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, 2020-nji ýylyň birinji ýarymy üçin maglumatlar seljerildi, şeýle hem şu ýyl üçin Döwlet býujetini ýerine ýetirmek hem-de 2021-nji ýyl üçin býujetiň taslamasy boýunça kesgitlenen görkezijiler seljerildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar 2020-nji ýylyň oktýabr aýy üçin Halkara pul gaznasynyň “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň geljegi” atly maglumatyny taýýarlamak baradaky meselelere seretdiler. Onda ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistan boýunça ykdysady ösüşiň orta möhletli geljegine COVID-19 pandemiýasynyň täsirine baha berildi.
Duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatynyň berkidilmegine maýa goýumlaryny artdyrmak boýunça ýurdumyzda görülýän toplumlaýyn çäreleriň möhümdigi aýratyn bellenildi.

düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5.3k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

düýn 09:02
1.1k+

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

28.06.2026 15:48
5.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......