Türkmenistanda sport çärelerini geçirmegiň wagtlaýyn tertibi kabul edildi

  • 18.09.2020 15:56
  • 12k+

Türkmenistan, sebitdäki we dünýädäki kyn epidemiologik ýagdaýyň çäginde sport çärelerini, seminarlary, türgenleşikleri we sport lagerlerini täze wagtlaýyn tertibe laýyklykda geçirer. Bu barada ORIENT habar berýär. Türkmen sportundaky täzelikleriň esasy maksady ýiti ýokanç keselleriň öňüni alyş kadalaryny berjaý etmekdir.

Ilki bilen, sport desgalarynda (zallarda we jaýlarda) üzärligiň gündelik ulanylmagy üpjün edilýär.
Sport seminarlaryna, türgenleşiklere we sport lagerlerine gatnaşyjylar türgenleşik wagtlaryndan başga wagt gorag lukmançylyk örtüklerini dakynmaly.
Sport desgalarynyň we meýdançalaryň girelgelerinde elleri antiseptik serişdeleri bilen dezinfeksiýa etmek hem-de şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek üçin ýerler gurnalmaly. Bu ýerde burun boşlugynyň oksolin melhemi bilen işlenilmegini üpjün etmek, elleri ergin bilen arassalamak we uzaklykdan temperaturany ölçemek üçin ýörite berkidilen lukmançylyk işgäri bolmaly. Howpsuz, ýagny iki mertden az bolmadyk sosial araçägi üpjün etmek üçin iki salkynda türgenleşýän türgenlere üç salkyna geçmäge rugsat berilýär. Köp türgenli zallarda iki topara bölünmegi üpjün etmeli, şunuň bilen birlikde her bir türgeniň bölünen meýdany 5 inedördül metrden az bolmaly däl.
Türgenleşik zallarynda sport enjamlary hem biri-birinden 2 metrden az bolmadyk aralykda ýerleşmeli.
Sport ýaryşlaryna gatnaşýan türgenler, tälimçiler we hünärmenler ýiti ýokanç keselleriň barlaglary bilen birlikde saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamany görkezmeli. Sport ýaryşlary wagtynda tomaşaçylaryň girişi çäklendiriler.
Şeýle-de, sport çärelerine gatnaşyjylaryň Aşgabatdan sebitlere we sebitlerden paýtagta iş saparlary, şeýle-de sebitara saparlar saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamanyň görkezilmegi bilen amal edilmelidir.

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......