Mbappe möwsümiň ahyrynda "PSŽ-den" gitmäge hyýallanýar

  • 13.09.2020 17:00
  • 11k+

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe möwsümiň ahyrynda "Pari Sen-Žermeni" terk etjekdigini toparyň ýolbaşçylaryna mälim etdi diýip, The Times neşirine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Neşiriň berýän maglumatyna görä, 21 ýaşly hüjümçi karýerasyny başga ýerde dowam etdirmek isleýändigi sebäpli 2020/21 möwsüminiň ahyrynda "PSŽ-den" gider. Ol iňlis premýer-ligasynyň ýa-da ispan La Ligasynyň klublarynyň birine geçmäge hyýallanýar diýlip çaklanylýar. Ondan öň, habar beriş serişdelerinde Mbappe bilen Madridiň "Realy", "Ýuwentus", "Mançester Siti", "Mançester Ýunaýted", "Liwerpul" ýaly klublaryň gyzyklanýandygy habar berlipdi.
Mbappe "PSŽ-de" 2017-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. Ol bu toparyň düzüminde 124 oýun geçirip, olarda 90 gezek tapawutlanmagy başardy. Şeýle hem 3 gezek Fransiýanyň çempiony, ýurduň we liganyň kuboklarynyň eýesi boldy.

düýn 09:36
8.3k+

«Real» "Barselonadan" utulan gününiň ertesi Alonsony işden çykardy. Topara Arbeloa tälimçi bellendi

Alwaro Arbeloa Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellendi. 42 ýaşly hünärmen 12-nji ýanwarda klubdan giden Habi Alonsonyň ornuny çalyşdy. Ozal Arbeloa «Realyň» ýaşlar toparlary bilen işledi. Maýda bolsa «Kastilýanyň» tälimçisi boldy...

12.01.2026 16:34
3.3k+

Forbes iň girdejili sport klublaryny aýtdy: 30 ýyl baş ýaryşy utmadyk topar sanawda birinji

Forbes neşiri ýylyň iň girdejili sport klublarynyň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny Milli futbol ligasynda (NFL) çykyş edýän amerikan futbol topary «Dallas Kowboýz» eýeledi. Klubuň geçen möwsümde operasion girdejisi 629 mln dollar boldy...

12.01.2026 07:26
10k+

«Barselona» «Realy» utup, 16-njy gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy

Saud Arabystanynda Ispaniýanyň Superkubogynyň final oýny geçirildi we Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» 3:2 hasabynda utdy. «Barselona» bu kubogy yzygider ikinji ýyl aldy. Toparlar oýnuň birinji ýarymynda dört gol geçirdi, şolardan üç gol birinji ýaryma goşulan wagtda salyndy...

11.01.2026 21:20
4.3k+

Erling Holand yzygider altynjy gezek Norwegiýanyň iň gowy futbolçysy boldy

«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand 2025-nji ýylyň jemi boýunça Norwegiýanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Ol bu baýragy yzygider altynjy gezek alýar diýip, Norwegiýanyň futbol konfederasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär...