Kia начнет сборку автомобилей в Узбекистане

  • 13.09.2020 12:24
  • 11k+

KIA günorta koreý kompaniýasy şu ýylyň noýabrynda öz awtomobillerini Özbegistanyň Jizak erkin ykdysady zolagyndaky ADM-Jizzakh täze kärhanasynda öndürip başlar. Heniz gurulýan kärhananyň konweýerine birinji bolup Seltos krossoweri we Optima modelini dowam etdiriji – K5 sedany çykar.

Koreý markasynyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen, Awtonowosti dnýa saýtynda habar berlişine görä, häzir Jizakdaky kärhana gurluşygyň jemleýji tapgyrynda ýerleşýär. Onda geljekde dürli konfigurasiýaly awtomobilleriň ýygnaljak iki sany önümçilik hataryny gurnamak boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär.
Täze kärhananyň başlangyç önümçilik kuwwaty ýylda 25 müň ulaga barabar bolar. Kuzowlary reňkleýji we kebşirleýji sehli täze liniýalar taýýar bolup, işe girizilenden soň ol dört esse, ýagny 100 müň ulaga çenli artar.
Kärhananyň häzirki günde Lada awtolaryny Özbegistana import edýän Roodell kompaniýasyna degişlidigi bellenilýär. Tiz wagtdan kärhanada beýleki brendleriň hem ulag serişdelerini ýygnamak işleri ýola goýlar, olary paýlamak işleri bilen hem Roodell meşgullanar.
Özbegistanda ýygnalan awtomobilleriň beýleki bazarlara (Özbegistanyň çäginden daşary) iberiljekdigi heniz belli däl. Ýöne olary çykarmak üçin niýetlenilen önümçilik hatarynyň KIA-nyň rus ştab-kwartirasynyň gönüden-göni gözegçilik etmegi bilen döredilendigi bellenilýär.

сегодня 09:17
443

Голосовое управление и имитация механики: каким получился новый Porsche Taycan

Компания Porsche презентовала обновленную версию своего электрического спорткара Taycan 2027 модельного года....

вчера 10:58
3k+

Кроссовер BMW X5 2026 получит бензин, дизель, гибрид, электромотор и водород

Новое поколение BMW X5 (G65) предложит концепцию «технологической нейтральности»....

17.06.2026 10:28
1.3k+

Новый хот-хэтч Peugeot e-208 GTi получил электромотор на 277 л.с.

Peugeot представила e-208 GTi — первый в истории марки высокопроизводительный серийный электромобиль с шильдиком GTi. Об этом сообщает портал Carscoops....

16.06.2026 09:57
5.7k+

Toyota представила в Европе новое поколение Hilux

Toyota представила в Европе девятое поколение пикапа Hilux. Модель сохранила рамную конструкцию и внедорожные возможности предшественника, но получила полностью обновлённый дизайн, цифровой интерьер и......