«Halkbank» DTB açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler

  • 12.09.2020 12:01
  • 11k+

«Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedilip, ol açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler. Şeýle hem döwlet banklarynyň birnäçesiniň guramaçylyk-hukuk düzümini üýtgetmek baradaky meseläniň üstünde işleniler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde habar berildi.

Wise-premýer G.Müşşikow Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Merkezi bank bilen bilelikde geçiren seljermesiniň netijeleriniň esasynda «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklibi Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň karz edaralarynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň banklaryň maýa goýum kuwwatyny ýokarlandyrmaga, maliýe binýadyny pugtalandyrmaga, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, degişli amallaryň möçberini giňeltmäge oňyn täsir etmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere göz öňünde tutulan işleri bellenen möhletde geçirmegi hem-de döwlet banklarynyň birnäçesiniň guramaçylyk-hukuk düzümini üýtgetmek baradaky meseläniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

düýn 15:48
4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......