Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen söhbetdeş boldy

  • 11.09.2020 14:30
  • 4.7k+

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara giňişlikde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanda Sindzo Abeniň saglyk ýagdaýy sebäpli Premýer-ministriň wezipesinden gidýändigi baradaky habary düşünmek bilen kabul etdiler diýip, türkmen Lideri öz söhbetdeşine bilelikdäki işler hem-de türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi hem-de Ýaponiýanyň täze Hökümeti bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.
Sindzo Abe öz adyna hem-de Ýaponiýa babatda aýdylan mähirli sözler hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowa alyp barýan ugry we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga yzygiderli berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ençeme taslamalaryň amala aşyrylmagy şol hyzmatdaşlygyň netijesi bolup durýar.
Sindzo Abe Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň wezipesini eýelejek ýolbaşçynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi dowam etjekdigine ynam bildirip, türkmen Liderine döwletara gatnaşyklara hem-de ýokary derejedäki hoşniýetli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna berýän ünsi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

şu gün 13:10
141

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

düýn 19:37
5.7k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

düýn 13:39
1.2k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....

düýn 11:21
2k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......