Türkmenistan COVID-19-a garşy göreşmek üçin Russiýadan barlag-ulgamlaryny kabul etdi

  • 09.09.2020 13:16
  • 32k+

Russiýa COVID-19 bilen diňe bir özüniň çäklerinde göreşmän, eýsem, beýleki ýurtlara hem kömek edýär. Sputnik agentliginiň habar bermegine görä, 4-nji sentýabrda koronawirus bilen göreşmek üçin Russiýanyň kömegini 39 döwlet aldy.

Rospotrebnadzorda agentlige dünýäniň dürli künjeklerindäki lukmançylyk edaralarynyň 1 066 200 barlag üçin 10 662 toplumy we 1 054 700 barlaga nusga taýýarlamak üçin reagentleri alandygyny gürrüň berdiler.
Bu kömegiň esasy bölegi GDA döwletlerine iberildi, ýagny 699 700 barlag üçin 6 997 toplum we 737 200 barlag üçin reagentler iberildi.
Ýakyn ýurtlaryň arasyndan barlag-ulgamlaryny üpjün etmekde uly kömegi, COVID-19 täze koronawirusyň barlaghana anyklaýyş işleri üçin reagentleri, şeýle-de geçiriş nokatlaryny üpjün etmek üçin termometrleri Gyrgyzystan kabul etdi. Respublika 157 000 barlag üçin 1 570 toplumy, 157 000 barlaga nusga taýýarlamak üçin reagentleri, bedeniň temperaturasyny aragatnaşyksyz ölçemek üçin 10 sany enjamy aldy.
Hödürlenilen maglumat grafikasyna laýyklykda, Türkmenistan Russiýadan 138 500 barlag-ulgamyny kabul etdi.

15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......