Tatarystan Respublikasynyň Prezidentinden türkmen Liderine hat gelip gowuşdy

  • 07.09.2020 17:50
  • 15k+

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowdan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat gelip gowuşdy.

Hususan-da, hatda şeýle diýilýär:

«Tatarystanlylaryň adyndan hem-de hut öz adymdan TASSR-nyň döredilmeginiň 100 ýyllygy hem-de Tatarystan Respublikasynyň güni mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Munuň özi Tatarystan Respublikasy bilen russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk meselelerine üns berilýändiginiň möhüm mysalydyr».

R.Minnihanow pursatdan peýdalanyp, Tatarystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejesini belleýär. Bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikler bardyr.
Hatyň ahyrynda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti türkmen Liderine döwlet işinde geljekde hem uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýär.

düýn 20:46
912

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

düýn 09:02
1.1k+

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

28.06.2026 15:48
5.3k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......