Astrahanyň döwlet tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň konsuly bilen duşuşyk geçirildi

  • 03.09.2020 20:04
  • 10k+

Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň rektory Aleksandr Newalennyý bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Konsullygyň metbugat gullugynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen ýaşlaryny hünärleriň dürli ugurlary boýunça taýýarlamak meseleleri, şeýle-de akademiki mobillik ugrunda, balyk hojalygy we nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligi maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda uniwersitetde 400-den gowrak türkmenistanly ýaş ýigitler we gyzlar bilim alýar.
Şu ýylda biziň ýurdumyzda Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli rektor A.Newalennyý türkmen halkyna gutlag iberdi we Astrahan sebitinde epidemiologik ýagdaý gowşandan soň, bu senä bagyşlap bilelikdäki çäreleri guramaga taýýardygyny aýtdy.
Wekil üçin uniwersitetde tanyşdyrylyş ekskursiýasy gurnaldy. Ýokary okuw jaýyna saparynyň çäklerinde G.Garaýew türkmen talyplary bilen hem duşuşdy.

düýn 11:35
3.9k+

ESA kosmosdan Ortaýer deňziniň näderejede gyzýandygyny görkezdi

Ýewropadaky aşa yssy howa hatda kosmosdan hem aýdyň görünýär. Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Ortaýer deňzi sebitindäki gury ýerleriň we suwuň üstki temperaturasynyň ýokarlanýandygyny görkezýän emeli hemra suratyny çap etdi...

08.07.2025 20:12
6.8k+

Indoneziýadaky Lewotobi Laki Laki wulkany 18 km beýiklikde kül zyňdy

Indoneziýanyň Flores adasynda Lewotobi Laki Laki wulkanynyň güýçli atylmasy bolup geçdi. Asmana 18 km beýiklikdäki kül sütüni göterildi diýip, ýerli häkimiýetlere salgylanyp, CNA habar berýär. Indoneziýanyň wulkanologiýa agentliginiň maglumatlaryna görä, wulkan gaty sesli partlamalar bilen atyldy...

08.07.2025 10:25
4.4k+

Dünýäde CO₂ zyňyndylary rekord derejede 40,8 milliard tonna ýetdi

Geçen ýyl dünýäde kömürturşy gazynyň zyňyndylary CO₂ ekwiwalentinde 40,8 milliard tonna ýetdi. Bu barada Energetika instituty (EI) tarapyndan neşir edilen “2025-nji ýylda dünýä energetikasynyň san maglumatyna syn” atly täze hasabatda aýdylýar...

07.07.2025 13:30
8k+

Orbitadan bulutlaryň üstünde seýrek ýyldyrym surata alyndy

NASA-nyň zenan astronawty Nikol Aýers Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan ýyldyrymyň seýrek görnüşini – spraýty surata aldy. Surat stansiýa Meksika bilen ABŞ-nyň üstünden uçup geçen wagty düşürildi. Aýersiň aýtmagyna görä, şeýle surat alymlara spraýtlaryň tebigatyna, olaryň aýratynlyklaryna we tupan bilen baglanyşygyna has gowy düşünmäge kömek edýär...