Türkmenistanda pasport bilen tassyklanyp bilinjek ýagdaýlarda dürli delil hatlary talap edilmez

  • 03.09.2020 18:23
  • 51k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Permana gol çekdi.

Bu resminama «Migrasiýa hakynda» hem-de «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna pasportlary resmileşdirmegiň we bermegiň, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň hem-de ýazgydan çykarmagyň tertibini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Permana laýyklykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, beýleki ähli edaralar, kärhanalar we guramalar zerur maglumatlaryň Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň görkezilmegi bilen tassyklanyp bilinjek ýagdaýynda, raýatlardan dürli delil hatlaryny talap edip bilmeýärler.

Munuň özi köp sanly resminamalary resmileşdirmek işini tizleşdirer hem-de raýatlary artykmaç delil hatlaryny almak zerurlyklaryndan dyndyrar.
Şeýle hem resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak wezipeleri Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenilýär.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň ýedi iş gününiň dowamynda resmileşdirilmegini we dabaraly ýagdaýda berilmegini üpjün eder.
Şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alynmagyny hem-de ýazgydan çykarylmagyny, Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň blanklarynyň we pasport ulgamyna degişli beýleki resmi kagyzlaryň taýýarlanylmagyny üpjün eder.
Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak meselelerine garalan wagty kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün eder.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berer.

şu gün 00:53
436

Hywada suw hojalyk meseleleri boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

30-njy ýanwarda Hywada Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 23:17
5.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnunyň öňüsyrasy Olimpiýa stadionyny gözden geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol bäsleşigine taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Gürrüň...

düýn 12:33
7.3k+

ABŞ-da ýene «şatdaun» başlandy: bu gezek hökümetiň işi bölekleýin togtadyldy

31-nji ýanwardan başlap ABŞ-nyň hökümetiniň işi tassyklanan maliýe serişdeleriniň ýokdugy sebäpli bölekleýin togtadyldy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. Hökümetiň işiniň wagtlaýyn togtadylmagy Demokratik partiýanyň senatorlary Içerki howpsuzlyk ministrligini maliýeleşdirmek baradaky kanun taslamasyny goldamakdan boýun gaçyranyndan soň bolup geçdi...

düýn 11:29
1.3k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...