Türkmenistanda pasport bilen tassyklanyp bilinjek ýagdaýlarda dürli delil hatlary talap edilmez

  • 03.09.2020 18:23
  • 51k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Permana gol çekdi.

Bu resminama «Migrasiýa hakynda» hem-de «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna pasportlary resmileşdirmegiň we bermegiň, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň hem-de ýazgydan çykarmagyň tertibini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Permana laýyklykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, beýleki ähli edaralar, kärhanalar we guramalar zerur maglumatlaryň Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň görkezilmegi bilen tassyklanyp bilinjek ýagdaýynda, raýatlardan dürli delil hatlaryny talap edip bilmeýärler.

Munuň özi köp sanly resminamalary resmileşdirmek işini tizleşdirer hem-de raýatlary artykmaç delil hatlaryny almak zerurlyklaryndan dyndyrar.
Şeýle hem resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak wezipeleri Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenilýär.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň ýedi iş gününiň dowamynda resmileşdirilmegini we dabaraly ýagdaýda berilmegini üpjün eder.
Şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alynmagyny hem-de ýazgydan çykarylmagyny, Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň blanklarynyň we pasport ulgamyna degişli beýleki resmi kagyzlaryň taýýarlanylmagyny üpjün eder.
Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak meselelerine garalan wagty kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün eder.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berer.

düýn 22:54
693

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.7k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......