Lýuserndäki gyşky Uniwersiada-2021 süýşürildi

  • 01.09.2020 23:28
  • 3.1k+

2021-nji ýylyň 21-31-nji ýanwarynda Lýusernde (Şweýsariýa) geçirilmegi meýilleşdirilen gyşky Uniwersiada koronawirus pandemiýasy sebäpli bellenilen möhletde geçirilmez diýlip, Uniwersitet sportunyň halkara federasiýasynyň (FISU) saýtynda habar berilýär. Muny rsport.ria.ru ýetirýär.

Bildirişde Uniwersiadany süýşürmek barada karara gelmek üçin aýgytly şertleriň biriniň köp ýygyndy toparlaryň Şweýsariýa gelip bilmezliginiň bolandygy bellenilýär. Aýratynam, gürrüň Russiýanyň, ABŞ-nyň we Hytaýyň wekiliýetleri barada gidýär. Uniwersiadanyň täze senesi heniz belli edilmedi we ol geljek iki aýyň içinde gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen maslahatlaşylar.

“Gyşky Uniwersiada – bu dünýäniň sport wakasy. Sport ýaryşlaryndan başga, wekiliýetleriň arasyndaky özara gatnaşyk biz üçin adamlary birikdiriji element hökmünde örän wajyp. Girişe çäklendirmeler hem-de howpsuzlyk çäreleri muňa ýol bermezdi. Biz şeýle netijä gelendigimize örän gynanýarys, ýöne munuň häzirki ýagdaýda ýeke-täk dogry çözgütdigine ynanýarys” – diýip, FISU-nyň ýolbaşçysy Oleg Matysin aýdýar.

Gyşky uniwersiadalar 1960-njy ýyldan bäri geçirilýär. Oýunlaryň programmasy on sany sport görnüşi boýunça ýaryşlary öz içine alýar. 2019-njy ýylda gyşky Uniwersiadany Krasnoýarsk geçirdi. Tomusky Uniwersiada-2023 Ýekaterinburgda geçmeli.

düýn 17:49
7.9k+

Hytaýly türgen bir elde turnik çekmekde Ginnesiň rekordyny goýdy

Hytaýly türgen Li Szeçuan bir eli bilen minutda 35 gezek turnik çekip, Ginnesiň rekordyny goýdy. Mundan başga-da, ol şol bir wagtda 40 funt (18 kg-dan gowrak) agyrlyk bilen 44 gezek turnik çekip, ýene bir üstünlik gazandy...

düýn 17:19
5.3k+

“Bawariýa” 750 oýundan soň Tomas Mýuller bilen hoşlaşdy

Hüjümçi Tomas Mýuller Mýunheniň “Bawariýasy” üçin soňky oýnuny oýnap, kluby erkin agent hökmünde terk etdi. 5-nji iýulda Klublaýyn dünýä çempionatynyň “PSŽ-ä” garşy çärýek oýny (0:2) 35 ýaşly germaniýaly üçin klubuň köýnekçesinde iň soňky oýun boldy...

düýn 13:23
7.2k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynyň petekleri 473 dollardan 13 dollara çenli arzanlady

Klublaýyn dünýä çempionatynyň “Çelsi” bilen “Fluminenseniň” arasyndaky ýarym finaly üçin petekleriň bahasy üç günde 473,9 dollardan 13,4 dollara çenli arzanlady. The Athletic-iň habar berşi ýaly, bu 35 esseden gowrak arzandyr...

düýn 12:51
3.5k+

Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi

Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek häzirki dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi – bu Gran Chess Tour seriýasyna girýän Zagrebde (Horwatiýa) geçirilen SuperUnited Rapid & Blitz tapgyrynda boldy. Norwegiýaly blitzde ajaýyp oýun görkezip, ýaryşyň jemi boýunça birinji orny eýeledi...