“Arsenal” Angliýanyň Super kubogynda "Liwerpuly" ýeňdi

  • 30.08.2020 06:52
  • 8.9k+

Londonyň "Arsenaly" Angliýanyň Super kubogy ugrundaky oýunda "Liwerpuly" penalti seriýasynda ýeňmegi başardy.

Duşuşyk boş tribunaly "Wembli" stadionynda geçirildi.
Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy, pökgüleri “Arsenaldan” Pýer-Emerik Obameýang (12-nji minutda), "Liwerpuldan" bolsa Takumi Minamino (73-nji minutda) geçirdiler.
Pandemiýa sebäpli täzelenen düzgünlere laýyklykda, 15 minutlyk goşmaça iki ýarym bellenmedi. 11 metrlik jerime urgularyny bolsa “Arsenalyň” oýunçylary has takyk ýerine ýetirdiler - 5:4.
“Arsenal” Super kubok oýnuna geçen möwsümde Angliýanyň kubogynyň ýeňijisi hökmünde gatnaşdy. “Liwerpul” 2019/20 möwsüminde otuz ýylda ilkinji gezek iňlis çempionatynda ýeňiji boldy.
“Arsenal” 16-njy gezek Angliýanyň Super kubogynda ýeňip, ýaryşda ýeňişleriň sany boýunça “Mançester Ýunaýted” bilen deňleşdi. “Liwerpul” kubogy häzire çenli 15 gezek aldy we bu gezekki ýeňliş bilen Ýurgen Kloppyň şägirtleri yzly-yzyna eýýäm ikinji ýyl Super kubogy elden gidirdi. 2019-njy ýylda “Liwerpul” "Mançester Sitiden" hem hut şeýle hasap bilen ýeňlipdi (esasy wagt: 1-1, penaltiler seriýasy: 4-5).
Iňlis çempionatynda täze möwsüm 12-nji sentýabrda başlanar.

şu gün 15:38
80

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

şu gün 10:38
1.5k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

düýn 23:00
2.3k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
3.5k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....