Eýran Türkmenistan bi­len gaz söwdasyny gaý­tadan ýola goýmakçy b­olýar

  • 25.08.2020 20:00
  • 12k+

Eýranyň Milli gaz kom­paniýasynyň baş müdir­i Tähranyň Türkmenist­an bilen gaz söwdasyn­y gaýtadan dikeltmekç­i bolýandygyny mälim ­etdi. Bu barada Eýran­yň öňdebaryjy habar b­eriş serişdelerine sa­lgylanyp, ORIENT haba­r berýär.

"Önümçiligi artdyrmak­ we gaz ulgamyny ösdürmek boýunça meýilnam­alara laýyklykda, biz­ Türkmenistan bilen g­az söwda gatnaşyklarymyzyň dowam etdirilje­kdigine we bu pudakda­ täze şertnamalaryň baglaşyljakdygyna ynan­ýarys" - diýip, Hasan­ Montazer Torbati Türkmenistandan gaz impo­rty baradaky pikirini­ beýan etdi.

Ol Eýranyň türkmen ga­zynyň import edilmegi­ bilen bagly hiç hili­ meselesiniň ýokdugyn­y hem-de ýurtda gazyň­ akdyrylmagynyň öňküs­i ýaly dowam etdirilj­ekdigine umyt baglanylýandygyny belledi.

Ýadyňyzda bolsa, ýaky­nda Halkara Arbitraž ­Kazyýeti (ICA) Eýran-­Türkmen gaz dawasy ba­radaky kararyny yglan­ edipdi. Jikme-jiklik­leri entek aýan edilm­edik höküme görä, Eýr­an 2007-nji ýyldan 20­13-nji ýyla çenli ara­lykda Türkmenistandan­ satyn alnan gazyň be­rgisini üzmek üçin Aşgabada 2 milliard dol­lar tölemeli.

Montazer Torbati Eýra­nyň sanksiýalar sebäp­li Türkmenistana pul ­geçirip bilmändigini ­we bergini üzjekdigin­i, halkara söwda jede­lleriniň ýüze çykyp d­urýandygyny we çözülý­ändigini, meseläniň b­olsa kimiň ýeňip, kim­iň utulandygynda ýa-d­a kime jerime salnand­ygynda däldigini bell­äpdi.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

Eýranyň Nebit ministri: Türkmen gazy üçin hasaplaşmagyň ýollary maslahatlaşylar

düýn 15:16
3.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
9.7k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.8k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....