Oba hojalyk işleriniň gidişi hem-de şanly senelere taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy

  • 25.08.2020 14:51
  • 10k+

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň we paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly wezipeler hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, öňde boljak şanly wakalara gabatlanylyp dürli maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň barşynda Aşgabadyň we welaýatlaryň häkimleri ýerlerdäki işleriň ýagdaýy, sebitleri abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi we Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli açylmagy meýilleşdirilen desgalaryň gurluşyklarynyň barşy barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutany oba hojalygyny, aýratyn-da, maldarçylyk pudagyny mundan buýana hem okgunly ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde, hususan-da, mallar üçin ot-iýmleri taýýarlamak işini talabalaýyk ýola goýmakda kemçiliklere ýol berilýändigi üçin oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewiň alyp barýan işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de möhüm maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleri çözmäge aýratyn jogapkärli çemeleşmegi we degişli çäreleri görmegi talap etdi.
Maslahatyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow täze okuw ýylyna guramaçylykly başlamagyň hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

şu gün 09:02
125

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

düýn 15:48
4.3k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......