«Barselonanyň» ýarym goragçysy Pýaniç koronawirus bilen keselledi

  • 24.08.2020 17:37
  • 13k+

«Barselonanyň» ýakynda satyn alan bosniýaly ýarym goragçysy Miralem Pýaniçiň koronawirus barlagy položitel bolup çykdy. Mundan ozal futbolçy ysgynsyzlyk duýýardy diýlip, klubyň resmi saýtynda aýdylýar. Bu barada eurosport.ru habar berýär.

Oýunçy 15 günden bärde topara goşulyp bilmez, şol sebäpli-de toparyň 30-njy awgustda başlajak esasy türgenleşigini sypdyrar.
Häzirki wagtda 30 ýaşly futbolçy özüňi üzňe saklamagyň talaplaryny berjaý edýär. Şeýle hem onuň ýagdaýyna gowy diýlip bahalandyrylýar.
Katalon kluby Pýaniçi şu ýylyň iýun aýynda Turiniň «Ýuwentusyndan» 60 million ýewro satyn alandygyny ýatladýarys.

Mundan öň, «Barselonada» goragçylar Samuel Umtitide we Žan-Kler Todiboda koronawirus ýokanjy ýüze çykarylypdy.

şu gün 17:49
5.8k+

Hytaýly türgen bir elde turnik çekmekde Ginnesiň rekordyny goýdy

Hytaýly türgen Li Szeçuan bir eli bilen minutda 35 gezek turnik çekip, Ginnesiň rekordyny goýdy. Mundan başga-da, ol şol bir wagtda 40 funt (18 kg-dan gowrak) agyrlyk bilen 44 gezek turnik çekip, ýene bir üstünlik gazandy...

şu gün 17:19
4k+

“Bawariýa” 750 oýundan soň Tomas Mýuller bilen hoşlaşdy

Hüjümçi Tomas Mýuller Mýunheniň “Bawariýasy” üçin soňky oýnuny oýnap, kluby erkin agent hökmünde terk etdi. 5-nji iýulda Klublaýyn dünýä çempionatynyň “PSŽ-ä” garşy çärýek oýny (0:2) 35 ýaşly germaniýaly üçin klubuň köýnekçesinde iň soňky oýun boldy...

şu gün 13:23
6.4k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynyň petekleri 473 dollardan 13 dollara çenli arzanlady

Klublaýyn dünýä çempionatynyň “Çelsi” bilen “Fluminenseniň” arasyndaky ýarym finaly üçin petekleriň bahasy üç günde 473,9 dollardan 13,4 dollara çenli arzanlady. The Athletic-iň habar berşi ýaly, bu 35 esseden gowrak arzandyr...

şu gün 12:51
3.1k+

Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi

Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek häzirki dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi – bu Gran Chess Tour seriýasyna girýän Zagrebde (Horwatiýa) geçirilen SuperUnited Rapid & Blitz tapgyrynda boldy. Norwegiýaly blitzde ajaýyp oýun görkezip, ýaryşyň jemi boýunça birinji orny eýeledi...