Gümrük gullugy koronawirusyň Türkmenistana getirilmezligi üçin görülýän çäreler barada aýtdy

  • 23.08.2020 19:16
  • 28k+

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanjynyň dünýäde ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, serhet geçelgelerinde gümrük amallaryna gatnaşýan gulluklar tarapyndan bu keseliň ýurdumyza getirilmegine we ýaýramagyna garşy durmak boýunça netijeli öňüni alyş çäreleri hem-de guramaçylyk işleri ýola goýdy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu ugurda ilkinji nobatda serhet gözegçilik geçiriş ýerlerinden ulaglaryň we harytlaryň geçirilmegi düzgünleşdirildi. Şoňa görä-de, serhetýaka gözegçilik-geçiriş ýerlerinde gümrük işi sanitar kadalarynyň talaplaryny berk berjaý etmek boýunça degişli gulluklaryň işi bilen utgaşykly alnyp barylýar.
Gysga wagtyň içinde serhetýaka awtoýollarynda, demir ýollary gözegçilik geçiriş ýerlerinde hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda döwrebap zyýansyzlandyryş desgalary guruldy. Häzirki wagtda bu zyýansyzlandyryş desgalar bilen, ýurdumyza gelýän awtoulaglarda we olaryň tirkeglerinde, demir ýol wagonlarynda hem-de konteýnerlerde doly derejede zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär.
Şeýle hem, goňşy döwletleriň serhet geçelgelerinde utgaşykly öňüni alyş — karantin işleriniň amala aşyrylmagynda tagallalar birikdirildi.

«Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ulaglaryň we harytlaryň serhetden geçirilende häzirki döwürde talap edilýän sanitar – karantin düzgünleriniň berk berjaý edilmegini üpjün etmek bilen, daşary ykdysady işi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmekde möhüm wezipeleri durmuşa geçirýär» - diýlip gullugyň saýtynda bellenilýär.

20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
3.4k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......