Türkiýe Gara deňizde iri gaz ýatagynyň üstüni açdy

  • 21.08.2020 19:41
  • 13k+

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan burawlaýjy gäminiň Gara deňizde iri gaz ýatagyny ýüze çykarandygyny habar berdi. Bu barada En-ti-wi teleýaýlymy habar berdi.

«Biz Gara deňizde ýurduň taryhynda iri tebigy gaz ýatagyny ýüze çykardyk» – diýip, Ärdogan aýtdy.

Tebigy gazyň ätiýaçlyklary 320 mlrd kub metr diýlip bahalandyrylýar. Prezident bu tapyndyny «taryhy möçberli açyş» diýip atlandyrdy we gaz bilen raýatlary üpjün etmek işiniň 2023-nji ýyla çenli başlajakdygyny sözüniň üstüne goşdy.
Maliýe ministrliginiň ýolbaşçysy Berat Albaýrak Türkiýe tarapyndan Gara deňizde gaz ýatagynyň tapylmagynyň ýurda energetiki taýdan beýleki döwletlere garaşsyz bolmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

«Biz ýurdumyzyň taryhyny üýtgetjek wakanyň şaýady bolduk, biz muňa begenýäris we buýsanýarys. Biz şu gün bizi üçünji döwletlere energetiki garaşlylykdan azat etjek ädimi ätledik» — diýip, Albaýrak aýtdy.

18.04.2026 23:36
2.9k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

16.04.2026 14:05
8.2k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

14.04.2026 22:56
2.1k+

Ýawa adasynda Semeru wulkanynyň 6 sany täze atylmasy hasaba alyndy

Indoneziýanyň merkezi bölegindäki Gündogar Ýawa welaýatynda Semeru wulkanynyň azyndan alty sany täze atylmasy hasaba alyndy. Işjeňligiň netijesinde kül deňiz derejesinden 4 676 metr belentlige ýetdi diýip,......

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....