Apple kompaniýasynyň bazar bahasy ilkinji gezek $2 trilliondan geçdi

  • 21.08.2020 01:08
  • 6.5k+

Apple ABŞ-da kapitaly $2 trilliondan geçen birinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň paýnamalary söwdanyň dowamynda 468,09 dollara ýetdi.
Iki ýyl mundan öň, kompaniýanyň bazar bahasy birinji gezek $1 trilliondan geçdi, bu ýerde hem Apple birinji boldy.
Şu ýylyň başyndan bäri, Apple-iň paýnamalary 60% gymmatlady. Kompaniýanyň kapitalynyň bazar ýapylanda $2 trilliondan geçmegi üçin, onuň kagyzlary söwdany çarşenbe güni $467,77 we ondan ýokary derejede tamamlady.
Kompaniýanyň paýnamalary fewral-mart aýlarynda koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy sebäpli birden arzanlady we 23-nji marta çenli lokal minimuma ýetdi, şondan soň ösüşini dowam etdirdi. Olaryň bahasy şondan bäri iki esse ýokarlandy.
Apple gurluşlaryna, şol sanda iPhone smartfonlaryna isleg millionlarça amerikanlaryň pandemiýa sebäpli öýlerinden işlemeli bolan wagtynda pese düşüp biljekdigine garamazdan, durnukly bolmagynda galýar.
Alyjylaryň tehnologiýa garaşlylygynyň ýokarlanmagy pandemiýa döwründe Apple-iň we beýleki iri internet-kompaniýalarynyň, şol sanda Amazon.com Inc. kompaniýasynyň hem biznes ösüşini üpjün edýär diýip, “The Wall Street Journal” neşiri ýazýar. Şol bir wagtda biznesiň beýleki gurşawlary – energetikadan syýahatçylyga çenli – koronawirus sebäpli ýüze çykan çökgünligiň netijesinde köp hyzmatlara islegiň pese düşendigi sebäpli, düýpli ýitgilere sezewar bolýar, bu öz gezeginde batmak tolkunyny güýçlendirýär.
Kompaniýanyň kapitalynyň $2 trilliondan geçendigi baradaky fakt kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji müdiri, 2011-nji ýylda bu wezipede Apple-i esaslandyryjy Stiw Jobsy çalşyranTim Kukuň hyzmatydyr. Kuk kompaniýanyň gerimini Hytaýda giňeltdi, şeýle-de dürli serwisleri ösdürmeklige bil baglady.
Hatda pandemiýa döwründe hem kompaniýa söwdany ýokarlandyryp bildi: onuň girdejisi şu ýylyň 27-nji iýunynda tamamlanan üçünji maliýe çärýegi boýunça 11% ýokarlanyp, $60 milliard töweregine barabar boldy.
Hünärmenler kapitaly $2 trilliondan ýokary bolan kompaniýalaryň klubynda Apple-iň ýanyna tiz wagtdan beýleki tehnologik kompaniýalar – Amazon we Microsoft Corp. goşulyp biler diýip çaklaýarlar. Amazon kompaniýasynyň bazar bahasy häzir $1,66 trilliona, Microsoft kompaniýasynyňky bolsa $1,6 trilliona barabar.

düýn 19:06
895

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......

14.06.2026 11:22
4.2k+

Lamin Ýamal American Eagle brendiniň bütindünýä ilçisi boldy

«Barselonanyň» we Ispaniýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Amerikanynyň American Eagle egin-eşik brendiniň täze bütindünýä ilçisi boldy....

12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

12.06.2026 13:09
9.1k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......