«Türkhowaýollary» 1-nji sentýabrdan Aşgabada uçuşlary gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär

  • 19.08.2020 20:47
  • 66k+

Koronawirus sebäpli halkara gatnawlaryny togtadan we olaryň köpüsini 11-nji iýunda täzeden dikelden «Türkhowaýollary» awikompaniýasy sentýabr aýy üçin täze uçuş meýilnamasyny yglan etdi diýip, Daily Sabah habar berýär.

Kompaniýa 16-njy awgustdaky beýannamasynda «milli we halkara saglygy goraýyş edaralary bilen yhlasly işleriň netijesinde» indiki aýyň meýilnamasy boýunça ylalaşandyklaryny aýtdy.
Beýannamada müşderilere giň syýahat mümkinçilikleriniň hödürlenjekdigi, bu çylşyrymly döwürde meýilnama düzmek kyn bolansoň, uçuşlaryň togtadylmagynyň hökümetleriň kararlaryna baglydygy bellenilýär. Şonuň üçin müşderilere 21-nji martdan 31-nji awgust aralygynda satyn alnan biletleri çalyşmak üçin çäksiz mümkinçilikler hödürlenýär.
Kompaniýa 1-nji sentýabrdan başlap, Aşgabada (Türkmenistan) uçuşlar bilen birlikde, Eýrana (Tähran, Töwriz, Şiraz we Maşat), Kanada (Wankuwer); Madagaskara (Antananarivo); Estoniýa (Tallin), Latwiýa (Riga), Gruziýa (Batumi we Tbilisi); Wýetnama (Hanoý we Hoşimin); Saud Arabystanyna (Dammam we Er-Riýad); Alžire (Konstantin we Oran); Owganystana (Mazar-i-Şerif); Russiýa (Krasnodar, Soçi we Kazan); Yraga (Süleýmaniýa); Hindistana (Mumbaý we Nýu-Deli); Bahreýne; Iordaniýa (Amman halkara howa menzili); Litwa (Wilnius); Mongoliýa (Ulan Bator); Gresiýa (Saloniki); Marokka (Marakeş); Omana (Muskat) ; Nigeriýa (Abuja we Lagos); Günorta Afrika (Keýptaun, Ýohannesburg we Durban) hem-de Birleşen Arap Emirliklerine (Abu Dabi) uçuşlary dikeltmegiň meýilleşdirilendigini habar berdi.

düýn 19:34
2.9k+

Emirates awiakompaniýasynyň biletlerini bitkoin töläp satyn alyp bolar

Emirates awiakompaniýasy (BAE) kriptowalýuta töleglerini girizmek barada Crypto.com kriptobiržasy bilen şertnama baglaşdy. Bu barada awiakompaniýanyň ýolbaşçysy şeýh Ahmed bin Said Al Maktum sosial ulgamlarda habar berdi...

düýn 19:18
4.9k+

Hytaý wizasyz düzgünini 75 ýurda çenli artdyrdy

Hytaýyň Milli immigrasiýa administrasiýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda ýurda wizasyz 20 milliondan gowrak adam gelip gördi – bu gelenleriň umumy sanynyň tas üçden biri we bir ýyl ozalkydan iki esse köpdür...

06.07.2025 20:05
14k+

77 ýaşly amerikaly aýal öýüni satyp, syýahatçylyk gämisinden 15 ýyllyk ýer satyn aldy

Kaliforniýanyň 77 ýaşly ýaşaýjysy Şeron Leýn öýüni satyp, Villa Vie Odyssey kruiz gämisinde ýaşamaga göçdi. Ol bu ýerde geljek 15 ýyly geçirmegi meýilleşdirýär. Onuň wakasyny NBC Los Angeles we CNN gürrüň berdi...

04.07.2025 12:09
20k+

Donald Trampyň gyzy kaşaň dynç alyş zolagyny gurmak üçin, Albaniýada ilatsyz adany satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidentiniň gyzy Iwanka Tramp bilen onuň ýoldaşy Jared Kuşner Albaniýadaky Sazani adasyny satyn aldy. Olar öňki sowet harby bazalarynyň ýerleşýän ýerinde 1,4 mlrd dollarlyk kaşaň dynç alyş zolagyny gurmagy meýilleşdirýärler diýip, «Daily Mail» ýazýar...