«Sewilýa» «Mançester Ýunaýtedi» ýeňip, Ýewropa ligasynyň finalyna çykdy

  • 17.08.2020 15:42
  • 5.1k+

Ispaniýanyň «Sewilýa» topary Ýewropa ligasynyň ýarym final duşuşygynda Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» toparyny 2:1 hasabynda utup, bu kubogyň final duşuşygynda oýnamaga hukuk gazandy.

Şeýlelikde, «Sewilýa» topary 6-njy gezek UEFA Ýewropa ligasynyň final tapgyryna çykdy. Mundan ozalky 5 finalynda ýeňiş gazanypdy. «Sewilýa» 2005/06, 2006/07, 2013/14, 2014/15, 2015/16 möwsümlerinde Ýewropa ligasynyň kubogyny gazanypdy.
Finalda «Sewilýa» topary «Inter» bilen «Şahtýor» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.
Ýarym final duşuşygynda ýeňlen Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» topary 2017-nji ýyldan bäri hiç hili kubok gazanyp bilmän gelýär.

düýn 18:26
2.7k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:50
5.4k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

düýn 11:46
4.8k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 16:03
3.5k+

EA täze UFC simulýatoryny yglan etdi — oýun 19-njy iýunda çykar

Electronic Arts kompaniýasy garyşyk söweş sungaty boýunça täze EA Sports UFC 6 simulýatoryny resmi taýdan yglan etdi. Oýun 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda PlayStation 5 we Xbox Series pristawkalarynda çykar,......