Türkmenistan dünýädäki pandemiýanyň täsirlerine garamazdan ösmegini dowam edýär — Prezident

  • 15.08.2020 13:19
  • 19k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçen mejlisinde onuň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsiri sebäpli, emele gelen daşarky ýagdaýlara garamazdan, Garaşsyz döwletimiziň kabul eden maksatnamalaryna laýyklykda ösmegini dowam edýändigini nygtady.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 5,7 göterim boldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

şu gün 17:16
547

ABŞ ýokarlandyrylan gümrük paçlarynyň güýje girizilmegini awgusta çenli yza süýşürdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp daşary ýurtlardan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň wagtlaýyn togtadylmagyny 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli uzaltdy. Bu barada Ak tamyň resmi web sahypasynda habar berilýär...

şu gün 11:38
1.4k+

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

şu gün 10:12
8.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

şu gün 10:01
2.9k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär...