Türkmenistanyň Prezidenti meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyna gaýtadan seretmegi tabşyrdy

  • 15.08.2020 13:03
  • 12k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ýagdaýyny seljermek hem-de şolarda işleriň barşyna gözegçiligi güýçlendirmek barada wise-premýer Ş.Durdylyýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlar bilen baglylykda, ähli meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyna gaýtadan seretmegiň, şunda diňe ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmagyň ileri tutulmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.
 

Gurbanguly Berdimuhamedow geljek 2021-nji ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyna düzediş girizip, maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy hem-de şunuň bilen baglylykda, gurluşyk senagatyny ösdürmäge uly üns berilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutany gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly üpjün eder ýaly, ähli önümçilik kuwwatlyklarynyň sazlaşykly ösdürilmelidigini nygtap, ýaşaýyş jaýlarynyň, şäherçeleriň, aýratyn-da, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gurluşygyny güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.
Kynçylyklaryň bardygyna garamazdan, ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmek we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak boýunça işler dowam etdirilmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutany gurluşyk we senagat pudaklaryna köpräk maýa goýumlaryny çekmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ýagdaýlary seljermegi hem-de degişli netije çykarmagy wise-premýerden talap etdi.

düýn 16:15
2.6k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......