AGTS «Android» üçin mobil programmasynyň mümkinçiliklerini giňeltdi

  • 14.08.2020 09:55
  • 20k+

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝPGJ Androidde işleýän enjamlar üçin niýetlenen mobil programmasynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňeltdi diýip, kompaniýanyň resmi saýty habar berýär.

Maglumatlara görä, onda internet we IP-teleýaýlym hyzmatlaryny onlaýn birikdirmek, nyrh meýilnamalaryny saýlamak, ulanylýan hyzmatlarda näsazlyklar we bökdençlikler baradaky ýüz tutmalary ýerleşdirmek ýaly mümkinçilikler peýda boldy.
Täzelenen ykjam programmany Google Play-den göçürip alyp bolýar.
Bu programmanyň kömegi bilen ulanyjynyň birikdirilen hyzmatlaryň sanawy we hasabyň ýagdaýy bilen tanşyp biljekdigi aýdylýar. Şeýle hem olarda hyzmatlar üçin tölegleri geçirip ýa-da Altyn Asyr plastik kartlaryny ulanyp, onlaýn hasaby dolduryp bolýar. Programma häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň abonentleri üçin elýeterlidir.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
AŞTU müşderilerine internet we IPTV hyzmatlaryny öýden birikdirmek mümkinçiligini döretdi

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......