Apple kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk milliarder boldy

  • 12.08.2020 09:22
  • 8.7k+

Apple kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kukuň emlägi kompaniýanyň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde $1 milliarddan geçdi. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp, iz.ru ýetirýär.

Agentlik, onuň maglumatlary boýunça, amerikan korporasiýasynyň ýolbaşçysynyň eýeçilik edýän emlägini anyk getirenok. Ýöne geçen hepdede kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň Nýu-Ýork fond biržasynda tas 5% ýokarlanandygy bellenilýär. Kompaniýanyň kapitaly häzir $1,9 trilliondan geçýär.
Şeýle-de, Kukuň baýlygynyň açyk çeşmelerden alnan maglumatlaryň esasynda bahalandyrylandygy görkezilýär. Ýöne şunuň bilen birlikde, agentligiň hünärmenleri hakykatda Apple-iň ýolbaşçysynyň uly möçberde puly sarp etmeginiň mümkindigini göz öňünde tutup, onuň $1 milliarddan az bolup biljekdigini hem inkär etmeýärler.
Agentligiň maglumatlary boýunça, Kuk kompaniýanyň $375 milliona durýan 848 müň paýnamasyna (kagyzlaryň umumy sanyndan 0,02%) eýeçilik edýär. Kompaniýanyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 1,5 esse gymmatlady we anna gününde, 7-nji awgustda, söwdanyň jemi boýunça olaryň bahasy paýnama $444,45-e barabar boldy.
1-nji awgustda Apple kompaniýasynyň bazar kapitaly boýunça Saud Arabystanynyň Saudi Aramco döwlet nebit ägirdinden öňe geçendigi we dünýäniň iň gymmat kompaniýasy derejesini alandygy belli boldy. Üçünji çärýek boýunça maliýe hasabaty çykandan soň (ABŞ-da maliýe ýyly oktýabrdan sentýabra çenli dowam edýär) Apple-iň paýnamalary ýokary galdy we anna günündäki bazaryň jemi boýunça açylyş derejesinden 10,47 göterim ýokary görkeziji bilen ýapyldy. Amerikan kompaniýasynyň kapitaly 1,84 trillion dollara ýetdi.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

düýn 22:44
1.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
5.8k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.5k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....