Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 11.08.2020 06:31
  • 16k+

10-njy awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklara we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki göni wideoaragatnaşykda Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga beriljek binalarda we desgalarda gurluşyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde sanitariýa, ekologiýa we arassaçylyk işlerini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmen Lideri käbir desgalaryň gurluşyk möhletleriniň tassyklanan tertipden yza galýandygyna nägilelik bildirip, olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy, Aşgabat şäheriniň häkimine bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy hem-de ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra welaýatlaryň häkimleri sebitlerde işleriň ýagdaýy, möhüm desgalarda dowam edýän gurluşyk işleri hem-de möwsümleýin oba hojalyk çärelerine – güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler. Gyş möwsümine taýýarlyk görmek hem-de ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hem aýdyldy.
Döwlet Baştutany hasabatlary jemläp, welaýatlaryň häkimlerine agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen ähli oba hojalyk işlerini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
4k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......