Hindistanly işewür milliarderleriň reýtinginde Ilon Maskdan öňe geçdi

  • 10.08.2020 16:46
  • 10k+

Hindistanyň iň baý ýaşaýjysy Mukeş Ambani milliarderleriň reýtinginde SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Maskdan öňe geçdi, gysga wagtyň içinde onuň baýlygy 2 milliard dollardan gowrak ýokarlandy diýip, News.ru habar berýär.

Billionaires Index ady bilen baý adamlaryň reýtingini alyp barýan Bloomberg agentliginde Ambaniniň maddy ýagdaýynyň ösüşi energetikada, nebit himiýasynda, ownuk söwdada we Hindistanyň beýleki birnäçe ykdysady pudaklarynda işlere eýeçilik edýän onuň gözegçiligindäki Reliance Industries holdinginiň paýnamalarynyň bahasynyň artmagy bilen bagly diýip düşündirýärler.
Gymmat kagyzlaryň bahasy London biržasynda 23-nji martdan bäri iki esseden gowrak ýokarlandy, ýagny 23-inden paýnama baha 54 dollara çenli boldy. Häzir Bloomberg Billionaires Index Ambaniniň baýlygyny 72,4 milliard dollar diýip bahalandyrýar.
Onuň SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Maskdan we Google kompaniýasynyň esaslandyryjylary Sergeý Brinden hem-de Larri Peýjden öňe geçendigi bellenilýär. Baýlygy hasaplamakda öz usulyny ulanýan Forbes neşiriniň reýtinginde Ambani ýokarda agzalanlardan başga-da, Oracle kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Larri Ellisona ýol berip, ýedinji setiri eýeledi. Forbes onuň baýlygyny 71,4 milliard dollar bilen bahalandyrdy.

25.06.2026 20:11
3.3k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.4k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.5k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......