BSGG sosial ulgamlarda örtük geýmek hepdeligini yglan etdi

  • 08.08.2020 23:56
  • 12k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 7-nji awgustdan 14-nji awgust aralygynda lukmançylyk agyz-burun örtügini geýmek hepdeligini yglan etdi. Bu barada Trend habar berdi.

Örtük geýmek bilen adamlar diňe bir özlerini däl, eýsem, töweregindäkileri hem goraýar diýip, BSGG habar berýär. Hepdeligiň dowamynda adamlar öz örtükli suratlaryny we wideolaryny #maskatax heştegi arkaly paýlaşmak, şeýle hem tanyşlaryna we ýakynlaryna "estafetany geçirmek" arkaly aksiýa goşulyp bilerler.
BSGG agyz-burun örtügini dogry geýilmelidigini, ýagny burny we agzy doly ýapmalydygyny belleýär. Guramanyň pikiriçe, COVID-19-dan diňe örtük geýmek bilen goranmak mümkin däl. Adamlar howpsuz aralygy saklamaly, jemgyýetçilik ýerlerinden gaça durmaly, üsgürilende we asgyrylanda agzy we burny ýapmaly, ellerini arassa saklamaly we beýleki arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli.

26.04.2026 15:51
8k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.6k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.9k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....