Гейтс: Климатические изменения представляют больше угрозы человечеству, чем COVID-19

  • 08.08.2020 23:23
  • 9.8k+

Ýer togalagynda howanyň üýtgemegi ýakyn onýyllykda täze görnüşli koronawirusyň pandemiýasyndan has köp adam pidasyna getirip biler. Bu barada "Microsoft"-yň esaslandyryjysy Bill Geýts öz blogunda pikirini paýlaşdy diýip, TASS habar berdi.

"Global çökgünlik dünýäni sarsdyrdy" - diýip, Geýts nygtaýar. Wirus sebäpli 600 müňden gowrak adam ýogaldy, onlarça million adam bolsa işsiz galdy. Nijeme nesil bäri görülmedik ykdysady kynçylyklar ýüze çykdy. Birnäçe onýyllygyň içinde başga bir global çökgünlik - howanyň üýtgemegi barada-da şeýle zatlary aýdyp bolar. Bu pandemiýa näçe aýylganç bolsa-da, howanyň üýtgemegi ondan has erbet bolup biler" - diýip, meşhur telekeçi belleýär.

Hasaplamalara görä, dünýäde koronawirus sebäpli “ýyllyk esasda” her 100 müň adamdan, ortaça, 14 adam ölýär.

"Munuň howanyň üýtgemegi bilen nähili baglanyşygy bar? Geljek 40 ýylda howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy ölüm derejesiniň şuňa meňzeş ýokarlanmagyna - ýagny 100 müň adamda 14 adamyň ölmegine sebäp bolar diýlip çaklanylýar. Asyryň ahyryna zyňyndylar ýokary depginde ösmegini dowam etdirse, howanyň üýtgemegi 100 müň adamdan goşmaça 73 ölüme sebäp bolar" diýip, Geýts belledi. Şeýle hem ol: "Başgaça aýdylanda, 2060-njy ýyla çenli howanyň üýtgemegi COVID-19 bilen deň ýagdaýda, 2100-nji ýyla çenli bolsa bäş esse ölüm howply bolup biler" -diýdi.

Mundan başga-da, Geýts zyýanly zyňyndylaryň mukdarynyň pandemiýa sebäpli birneme azalandygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, bu görkeziji şu depginde azalmagyny dowam etdirse, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmaga kömek eder. Ýöne telekeçi munuň indi ikuçludygyny belledi. Bu meselede Geýts global maýylganlygyň öňüni almak üçin gyssagly çäreleri görmegi maslahat berýär.

вчера 18:53
6.6k+

Когда стихия переписывает историю: 5 природных катастроф, изменивших мир

Природные катастрофы традиционно ассоциируются с масштабными разрушениями. Однако история показывает, что некоторые из них способны на большее — они могут менять вектор развития человечества....

вчера 09:31
5.1k+

Сейсмологи: Землетрясение 2011 года сдвинуло Японию на 6 мм на восток

Международная группа сейсмологов обнаружила ранее неизвестный науке эффект, вызванный Великим восточно-японским землетрясением 2011 года. Исследование американских и французских ученых, опубликованное в......

20.06.2026 14:57
7.4k+

У берегов Камчатки за сутки произошло более 30 землетрясений магнитудой до 6,9

В районе восточного побережья Камчатки 19 и 20 июня зарегистрирована серия землетрясений магнитудой до 6,9....

19.06.2026 10:08
3.4k+

Тропический шторм «Артур» привёл к режиму ЧП в 101 округе Техаса

Тропический шторм «Артур», ставший первым именованным штормом сезона атлантических ураганов 2026 года, вызвал наводнения и режим чрезвычайного положения в ряде районов юга США. В зоне риска находятся около......